degişli

degişli
1) Garamagynda bolan, garaşly, baglanyşykly.
∙ Bu barada degişli guramalar bilen sözleşip hem goýupdy. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)
2) Dahylly, bagly, asyly, mahsus.
∙ Meniň geljegim diňe maňa degişli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
∙ Meniň pikirimi barlamak size degişli däl! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Mekdepden daşgyn geçirilýän işlere özüne degişli bolmadyk, bolgusyz bir iş hökmünde garaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
3) Göz öňünde tutulan, laýyk, mahsus.
∙ Allaýar tulumyň hemme jenaýatlarynyň üsti açylyp, boýnuna subut boldy, degişli jezasyna ýetdi. (A. Gowşudow, Eserler)

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно решить контрольную?

Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»